Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakdaky tussaglaryň ýagdaýyna alada bildirilýär


Amnesty International hukuk goraýjy guramasy türmeleriň gözegçiligini ABŞ-nyň yraklylaryň eline bereli bäri ýurtdaky türmelerde tussaglaryň hak-hukuklarynyň bozulmagynyň adaty ýagdaýa öwürlendigi aýdylýar. ABŞ-nyň harbylary tarapyndan dolandyrylan iň soňky türmäniň gözegçiligi-de iýul aýynda yraklylara geçirildi.

Londonda ýerleşýän Amnesty International hukuk goraýjy guramanyň şu gün ýaýradan 59 sahypalyk maglumatynda Yragyň türmelerinde gynamalara sezewar edilen we tussaglykda heläk bolan adamlaryň atlary getirilýär. Bu barada Amnesty International guramasynyň ýaýradan “Täze düzgün, öňki sütem: Yrak türmelerinde bikanun tussag etmeklik hem gynamalar” atly hasabatynda Yragyň türmelerinde hiç bir sud seljermesi geçirilmezden onlarça müň tussagyň saklanýandygy we olaryň dürli fiziki hem psihiki gynamalara, süteme sezewar edilýändikleri aýdylýar.

Bu guramanyň Ýakyn Gündogar hem Demirgazyk Afrika boýunça programmalarynyň direktory Malkom Smart Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda yrak häkimiýetlerine türmelerdäki bikanunçylygy bes etmegiň başartmandygyny aýtdy: “Biz türmelerde esasan bikanun saklanýan tussaglaryň köpdügini alada edinýäris. Soňky döwürde türmeleriň gözegçiligi amerikanlylardan yraklylara geçirlensoň, olaryň sany has-da artdy. Biz şu meselä köpçüligiň ünsüni çekip, Yrakda hemmeleriň kanuna boýun bolmagyna çagyrýarys”.

Mohammad Okabiniň ykbaly

Amnesty International guramasy tarapyndan ýaýradylan bu hasabatda Riad Mohammad Saleh al-Okabiniň ykbaly barada gürrüň berilýär. Ol 2009-njy ýylyň sentýabrynda tussag edilip, Bagdadyň berk goralýan “ýaşyl zolagynda” ýerleşýän türmä salyndy. Soňra bolsa onuň başga bir gizlin türmä geçirilendigi aýdylýar. Bu hasabatda jenap Okabiniň döşüne urlandygy, netijede onuň gapyrgalarynyň döwlüp, bagryna zeper ýetendigi belli edilipdir. Bu gynamalaryň netijesinde Mohammad Saleh al-Okabiniň garyn boşlugynda içki ganamanyň emele gelip, onuň şu ýylyň fewralynda aradan çykandygy aýdylýar.

Amnesty International guramasynyň wekili Malkom Smart Mohammad Okabi bilen bagly waka ýaly ýagdaýlaryň yrak türmelerinde köp duş gelýändigini aýdýar: “Tussag edilenler köplenç gizlin türmelere äkidilýär. Olaryň käbiri tapylsa, beýlekiler henize çenli dereksiz ýiten hasaplanylýar. Olaryň yzygiderli gynamalara sezewar edilendikleri barada bizde maglumat bar. Tussaglary ellerinden ýa-da aýaklaryndan başak asyp, uzak wagt saklaýarlar. Olary şlanga, dürre bilen ýenjip, käbir halatlarda elektrik togy bilen gynaýarlar. Tussaglara zorlamak haýbaty hem atylýar”.

Boýun aldyryş usuly

Malkon Smartyň aýtmagyna görä, türme häkimiýetleri tussaglaryň garşysyna şeýle ýowuz gynamalary olara haku-nähak günälerini boýun aldyrmak üçin ulanýarlar: “Bu gynamalar tussaglara günälerini boýun aldyrmak üçin edilýär. Soňra olara garşy sud geçirilen halatynda tussaglaryň günäsini boýun alandygy, olaryň özlerine garşy subutnama hökmünde ulanylýar. Käbir ýagadaýda adamlar zorluga uçrap, etmedik günäsini boýun alýarlar. Şeýdip, olaryň ölüm jezasyna höküm edilenleri hem bar. Olardan eýýäm jezalandyrylanlary-da bar diýip, hasap edýäris”.

Amnesty International guramasynyň ýaýradan hasabatynda Yragyň awtonom Kürdisatan regionynda hem türmelerde dürli bikanunçylyklaryň ýüze çykýandygy aýdylýar. Mysal hökmünde bu maglumatda hiç bir sud geçirilmezden 10 ýylyň dowamynda tussaglykda saklanan bir adamyň ykbaly getirilýär.

Yrak türmelerindäki ýagdaý barada adam hukuklary boýunça beýleki halkara guramasy Human Rights Watch hem şu ýylyň aprel aýynda ýörite hasabat ýaýratdy. Onda hem tussag edilenleriň dürli gynamalara zesewar edilýändigi, türmelerde olaryň zorlanýandygy aýdylýar.

Türme sistemasy bölünen

Yrak parlamenti 2009-njy ýylyň ortalarynda türmede ýüze çykýan bikanunçylyklar bilen bagly garaşsyz derňewiň geçirilmegine çagyrdy. Häzir Yragyň hemme türmeleriniň gözegçiligi ýerli häkimiýetlere geçirildi. ABŞ diňe aşa howply jenaýatçylar saklanylýan Karkh türmesiniň bir kiçi bölümine gözegçilik edýär. Ýöne Yrakda türme sistemasynyň bölünendigi bu pudagy dollandyrmak, onda reformalary geçirmek meselesini kynlaşdyrýar. Ýagny Yragyň Adalat, Goranmak hem Içeri işler ministrlikleriniň hersiniň öz dollandyrýan türmeleri bar.

Malkom Smartyň aýtmagyna görä, Yrakda syýasy partiýalaryň pitige diräp, ýurdy dolandyrjak koalisiýanyň henize çenli döredilmändigi hem türmelerdäki ýagadaýa ýaramaz täsir edýär.

Amnesty International guramasynyň Ýakyn Gündogar hem Demirgazyk Afrika boýunça programmalarynyň direktory Malkom Smart özleriniň soňky ýaýradan hasabatynyň üstünde işlän döwri Yragyň howpsuzlyk gulluklarynyň ýurtdaky tussaglar barada özlerine anyk maglumat berip bilmändiklerini aýtdy. Ýöne, müňa garamazdan, Malkom Smart Amnesty International guramasynyň toplan maglumatlarynyň Yrakda bikanun saklanýan tussaglaryň sanynyň 30 müňe golaýdygyny çaklamaga esas berýändigini belledi.
XS
SM
MD
LG