Sepleriň elýeterliligi

Sürüjilik şahadatnamasyny nädip almaly?


Ýakynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Içeri işler ministrine ministrligiň garamagyndaky ýol gözegçilik gullugynyň işinde kemçilikleriň bardygyny aýdyp, onuň işiniň guramaçylyk derejesiniň pes bolmagynyň ýol-ulag hadysalarynyň artmagyna getirýändigini belläp, kemçilikleriň çalt aradan aýrylmagyny talap etdi.

Şol ýygnakdan soň, az wagt geçmänkä Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň başlygynyň eýeleýän wezipesinden boşadylandygy baradaky habar ýyldyrym çaltlygynda çar künje ýaýrady. Ýöne Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň başlygynyň wezipesinden boşadylmagy bilen bagly resmi maglumat aýdylmady.

Kim günäkär?


Döwlet ýol gözegçilik gullugy elmydama-da para-peşgeşiň öýjügi bolupdy. Şeýle ýagdaýyň döremegine esasan sürüjileriň özleri hem sebäp bolýar. Olar ýol kada-kanunlaryny bozanlarynda artykmaç jerimäni hökümediň haýryna tölemejek bolup, çykarmaly pulunyň ýarysyny awtoinspektora para hökmünde berýärler.

Awtosürüjileriň tölemeli jerimäni para hökmünde höwes bilen inspektorlara bermekleriniň ýene-de bir sebäbi bar. Inspektoryň ýazyp beren jerimesini töläp, sürüjilik şahadatnamasyny yzyna gaýdyp almak üçin Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň gapysyndaky nobatlar zerarly sürüji ýarym gün wagtyny ýitirmeli bolýar. Şeýle azaplary görmekden gaça durýan sürüjiler ýol kadasyny bozan halatynda awtoinspektor bilen ylalaşyga girenini gowy görýär.

Umuman, yzy üzülmeýän nobatlar sebäpli, Döwlet ýol gözegçilik gullugynda ulaga belgi almak üçinem, ulagyň guratlygyny tassyklatmak üçinem sürüjiler tanyşlarynyň tanşynyň üsti bilen para berip geçýärler.

Näçe ökde sürüji bolsaň-da...

Döwlet ýol gözegçilik gullugy bilen bagly problemalar gozgalanda, onda sürüjilik şahadatnamasynyň berlişindäki bidüzgünçilikleri agzaman geçip bolmaz.

Soňky iki ýylyň içinde Döwlet ýol gözegçilik gullugy tarapyndan berilýän sürüjilik şahadatnamasyny almak juda kynlaşdy. Döwlet ýol gözegçilik gullugyna getirilen kompýuterleşdirilen maşyna münüp, ekzamen tabşyrýan sürüjileriň biri-de synaglardan üstünlikli geçip bilenoklar. Kompýuterleşdirilen bu maşyn sürüjiniň ýekeje säwligini hem ýüze çykaryp, ony synagdan ýykyp dur. Iki-üç ýyl bäri şäheriň içinde ulag sürüp, tejribe toplanlaryň-da bu maşynyň synagyndan geçip bilmeýändikleri aýdylýar.

Ozal sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin sürüjiler ekzamen tabşyranlarynda ýol hereketiniň düzgünlerini bilmekde kynçylyk çekerdiler. Indi bolsa, olar sürmek boýunça ekzameni tabşyryp bilmeýärler.

Kompýuterleşdirilen maşyn sürüjilik şahadatnamasyny almak isleýänlere kösençlik döredýän bolsa-da, ol Döwlet ýol gözegçilik gullugyndakylara uly düşewünt getirýär. Käbi maglumatlara görä, Aşgabatda sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin 1500 amerikan dollaryny para bermeli.

1500 amerikan dollaryny para bermäge her kimiň gurby çatmaýar. Şonuň üçin paýtagtyň içinde sürüjilik şahadatnamasyz ulag sürüp ýörenler juda kän.

Welaýatlarda-da ýagdaý öwerlik däl

Sürüjilik şahadatnamasy bilen bagly problemalar diňe bir paýtagtda däl, eýsem ýurduň beýleki welaýatlarynda-da bar. Bary-ýogy ýarym ýyl mundan öň hem welaýatlaryň her bir etrabyna degişli ýol gözegçilik gullugynda ekzamen tabşyryp, sürüjilik şahadatnamasyny alyp bolýardy. Soňky çykarylan düzgüne laýyklykda bolsa, etraplardaky ekzamenler welaýat merkezlerine geçirildi. Sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin etraplardaky ýaşaýjylar diňe welaýat merkezine gelip, ekzamen tabşyrmaly edildi.

Käbir nebsewürleriň öz bähbitlerini arap çykarýan nogsanlyklarynyň soňunyň köplenç ýaramaz zatlara getirýär. Bu Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işinde-de şeýle. Sürüjilik şahadatnamasynyň çem gelen ýaşlara berilmegi köçelerde ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna getirip başlady.

Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň başlygynyň wezipesinden boşadylmagynyň düýp sebäbiniň sürüjilik şahadatnamasyny bermekdäki şeýle bidüzgünçilikleriň bolandygy barada aýdylýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG