Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa bürenjege garşy


Kanun güýje gireninden soň ýüzüni doly büräp gezýän musulman aýallar 150 ýewro jerime tölemeli bolar.

Kanun güýje gireninden soň ýüzüni doly büräp gezýän musulman aýallar 150 ýewro jerime tölemeli bolar.

Aýallaryň jemgyýetçilikde ýüzüni büräp gezmegini gadagan etmek baradaky jedelli kanun şu gün Fransuz parlamentiniň ýokarky öýünde sese goýuldy.

Fransuz Senatynda bu kanuny 246-a deputat goldady, 1 deputat garşy çykdy. Indi bu kanun Konstitusion Geňeş tarapyndan bir aýyň içinde gözden geçirilmeli. Eger bu kabul edilse, daşarda ýüzüni doly büräp gezýän musulman aýallara täze kanuna uýgunlaşmak üçin ýarym ýyl wagt berler.

Kanun güýje gireninden soň ýüzüni doly büräp gezýän musulman aýallar 150 ýewro jerime tölemeli bolar. Bürenmekleri üçin zenanlara basyş edýän adamlara bolsa 30 müň ýewro jerime tölediler hem-de olara ýyl kesiler.

Bu gadagançylygyň tarapyny çalýanlaryň garaýşyça, nikap howpsuzlyga abanýan potensial howp, Fransiýanyň dünýewi gymmatlyklaryna ters we aýallaryň mertebesini peseltmek.

Parlamentiň aşaky öýi “Milli ýygnak” bu kanun taslamasyny ýaňy iýul aýynda oňlady. Şonda çykyş eden Adalat ministri Mişel Alliot-Marie netijäni “respublika üçin üstünlik” diýip atlandyrdy: “Bu respublika üçinem, onuň öz içine alýan gymmatlyklary, adamlaryň mertebesini peseldýän repressiýadan erkinlik, aýallaryň we erkekleriň arasyndaky deňlik gymmatlygy üçin üstünlik”.

Fransiýa Günbatar Ýewropada musulmanlaryň iň köp ýurdy. Ýurduň 64 millon ilatynyň 6 prosente golaýy, ýagny 3,5 milliona golaý adam musulman diýlip, çak edilýär. Resmi maglumat boýunça, ýüzüni bütenleý büräp gezýän aýallaryň sany 1900 töweregi. Gadagançylyga garşy çykýanlar: “Bu graždanlaryň şahsy hukuklaryny bozmak” diýýärler.

Aýallara buýruk bermek bolarmy?

Musulmanlaryň käbir ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, nikap baradaky çekişmeleriň Fransiýanyň milli kimligi bilen baglanyşdyrylmagyna musulmanlar öz dinlerine edilýän hüjüm diýip düşünýärler. Fransiýada musulmanlaryň 30 metjidi öz içine alýan bileleşiginiň baş sekretary Muhammad Henişe: “Näme egin-eşik geýinmelidigi barada aýallara buýruk berilmeli däl” diýýär.

“Şahsy erkinlikleri çäklendirmek barada biziň görýän bu çärämiz gaty howply. Biz Eýranda aýallaryň ýüzüni büräp gezmäge mejbur edilmegine garşy. Sudanda aýallara jalbar geýmegiň gadagan edilmegine garşy. Biz şu zatlary Fransiýada-da aýdýarys: aýallara ýüzüni büräp gezmekligi gadagan etmäge hukugymyz ýok. Biz hemişe aýallaryň tarapyny çalmaly. Olary çaga ýaly saklamaly däl” diýip, Henişe aýdýar.

Ýöne teklip edilýän gadagançylyk Fransiýada halk tarapyndan giňden goldanylýar. Merkezi Waşingtonda ýerleşýän “Pew global attitudes project” öz geçiren pikir soralyşygyna salgylanyp, fransuzlaryň 80 prosentden gowragynyň bu gadagançylygy oňlaýandygyny aýdýar.

Germaniýa, Britaniýa we Ispaniýada hem ony oňlaýanlaryň sany 65 bilen 71 prosentiň aralygynda . Muňa garamazdan, bu kanuny ornaşdyrmak aňsat hem däl. Ol Fransiýada kabul ediläýen-de, ony Starsburgdaky Ýewropanyň Adam hukuklary baradaky sudunuň ýatyrmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG