Sepleriň elýeterliligi

Eýranda amerikan raýaty Sara Şurd azat edildi


Eýranyň türmesinde bir ýyl saklanan amerikan raýaty Sara Şurd üçin 500 müň dollar tölenensoň, ol azat edildi.

Saranyň aklawçysy Masud Şafeýi öz müşderisiniň Tähranyň Ewin türmesinden azat edilendigini tassyklady.

32 ýaşy Sara Şurd ýanynda 2 amerikan raýaty bilen Demirgazyk Yragyň we Eýranyň serhedinde ýerleşýän daglarda 2009-njy ýylyň iýul aýynda tussag edilipdi.

Eýranyň resmileri serhedini kesenlikde we içalyçylykda Sara Şurda günä bildirilipdi.Waşington aýyplamany esassyz hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG