Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýakyn Gündogardaky gepleşikler umyt döredýär


ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Jorj Mitçel bu regionda parahatçylygy ornaşdyrmak babatdaky gaýtadan geçirilýän gepleşikleriň gowy netije berjekdigine ynam bildirdi. Bu barada Jorj Mitçel Müsürde Palestinanyň we Ysraýylyň liderleri gepleşik geçirenden soň aýtdy.

“Palestin awtonomiýasynyň lideri Mahmud Abbas bilen Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu asuda ilata garşy zorlugyň hemme görnüşini ýazgaryp, howpsuzlygy üpjün etmek boýunça bilelikde hereket etmäge ylalaşdylar. Biziň hemmämiz öz esasy maksadymyzyň uzak möhletleýin parahatçylygy ornaşdyrmakdan ybaratdygyny ýene bir gezek tassykladyk” diýip, Jorj Mitçel aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton Müsürde deňziň kenarynda ýerleşýän Şarm-aş-Şeýh kurort şäherinde geçirilýän gepleşiklerde araçy bolup çykyş edýär.

Geçen ýekşenbe güni Benýamin Netenýahu Ysraýylyň Günbatar kenardaky gurluşyklary saklamak kararynyň togtadyljakdygyny aýtdy, ýöne şol bir wagtda ol bu ýerde alnyp barylýan işleriň depgininiň peseldiljekdigini bildirdi.

Palestinanyň lideri Mahmud Abbas bolsa, eger Ysraýyl gurluşyk işlerine täzeden başlasa, özüniň gepleşikleri terk etjekdigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG