Sepleriň elýeterliligi

Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministri Pentagonda


ABŞ-nyň goranmak sekretary Robert Geýts Pentagonda gepleşik geçiren Russiýa Federasiýasynyň Goranmak minisri Anatoliý Serdýukowy gutlady.

Bu Orsýetiň goranmak ministriniň 5 ýyldan soň ilkinji gezek Pentagona gelişidir.

Amerikanyň we Orsýetiň goranmak ministrleri Waşingtonyň hem Moskwanyň bähbitlerini goraýan dokumente gol çekerler diýlip garaşylýar.

Gepleşiklerden öňinçä Interfaks agentligine beren interwýusynda Robert Geýts ABŞ Orsýeti özlerine howp saýmaýar, gaýtam ABŞ hem Orsýet birnäçe ugurlarda partnýordyrlar, beýleki birnäçe möhüm meselelerde bolsa bäsdeşdirler diýdi.

ABŞ-a Owganystandaky NATO güýçlerine gerekli ýardamy geçirmäge Orsýet öz çägiden geçmäge rugsat berer diýlip garaşylýar.

Şeýle hem Ýewropany raketa hüjüminden goramak, ýadro ýaraglaryny azaltmak meselelerine-de serediler.
XS
SM
MD
LG