Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda 30 çemesi söweşiji ýok edildi


Soňky günlerde Owganystanda 30 çemesi söweşiji ýok edildi. Owganystandaky Halkara güýçleriň komandowaniýesiniň aýtmagyna görä, azyndan 23 söweşiji Hilment welaýatynda duşenbe güni ýok edilipdir.

Günorta Wardak welaýatynda bolsa sişenbe güni 3 söweşiji ýok edilipdir.

Owganystanyň hökümet wekiliniň aýtmagyna görä, düýn Zabul weleýatynda hem 4 talyp öldürilipdir.

Şol wagtyň özünde Owganystandaky NATO güýçleriniň ýitgisi barada aýdylmaýar.

Owganystandaky ýagdaý parlament saýlawlarynyň öň ýanynda ýitileşdi.

Talyplar saýlaw bölümlerine hüjüm etjekdigi bilen haýbat atýarlar hem halky saýlawlara gatnaşmazlyga çagyrýarlar.
XS
SM
MD
LG