Sepleriň elýeterliligi

Kosowanyň boýunça Serbiýa bilen gepleşik bolmaz


Sişenbe güni Kosowanyň durumy barada Serbiýa bilen gepleşikler boljak diýen habary Priştina ret etdi.

Ýurduň premýer-ministri Haşim Täji “Kosowanyň durumy tamamlandy hem hemişelik çözüldi” diýdi.

Geçen hepdede BMG-niň Baş Assambleýasy Belgradyň we Priştinanyň arasynda gepleşik geçirmek barada Serbiýanyň hem Ýewropa Bileleşiginiň bilelikde teklip eden rezolýusiýasyny goldady. Ol rezolýusiýa Ýewropa Bieleşine golaýlaşmak, ösüşi hem özara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen öňe sürlüpdi.

Özüni döwlet diýip yglan eden Kosowany dünýäniň 70 döwleti, şol sanda ABŞ, Ýewropa Bileleşigine girýän döwletlerden hem 22 sanysy ykrar etdi.
XS
SM
MD
LG