Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus: prezidentlik saýlawlarynyň wagty belli


Awtoritar Lukaşenko 1994-nji ýyldan bäri prezident we şu döwürde geçirilen saýlawlarda ol çynlakaý syýasy synag bilen ýüzbe-ýüz bolmady diýen ýaly.
Awtoritar Lukaşenko 1994-nji ýyldan bäri prezident we şu döwürde geçirilen saýlawlarda ol çynlakaý syýasy synag bilen ýüzbe-ýüz bolmady diýen ýaly.

Belarusyň kanun çykaryjylary düýn ýurduň prezident saýlawlaryny 19-njy dekabrda geçirmek kararyny tassykladylar.

Bu saýlawyň 2011-nji ýylyň başynda geçirilmegine garaşylýardy, emma ol öňe süýşürildi. Bu çärä dördünji möhletde-de iş başynda galmagyň ýoluny agtarýan häzirki prezident Aleksandr Lukaşenkonyň öz ýeňşini üpjün etmek synanyşygy hökmünde garalýar.

Belarusyň Milli assambleýasynyň (mejlisiniň) deputatlary düýn 19-njy dekabry prezident saýlawlarynyň geçirilmeli güni diýip, tassyk etdiler. Kanun boýunça bu saýlaw 6 fewraldan gijä galman, Aleksandr Lukaşenkonyň üçünji möhleti tamam bolmazdan iki aý öň geçirilmeli. Başda köp kişi bu saýlaw ýanwarda ýa fewralyň başynda geçiriler öýdüp çaklady. Emma parlamentiň agzasy Wasiliý Baýkow 14-nji sentýabrda geçirilen adatdan daşary sessiýada saýlaw proýektini hödürläp, 19-njy dekabryň prezident saýlawyny geçirmek üçin «iň gowy» gündügini aýtdy.

«Komissiýa raýatlaryň saýlawa ýokary derejede gatnaşygyny üpjün etmek üçin ony saýlawçylara amatly wagtda geçirmek pikirinden ugur aldy. Saýlawy ýyl tamamlanmanka, saýlaw prosesini ýitirmezden geçirmek saýlanan prezidente 2011-nji ýylyň başyndan öňdäki bäşýyllygyň sosial-ykdysady wezipelerini çözüp başlamaga şert döreder» diýip, Baýkow aýtdy.

Saýlawlaryň öňe süýşürilmegi şübhe döredýär

Saýlawyň geçirilmeli wagtynyň biraz öňe süýşürilmegi dördünji möhlet üçin bäsleşmegine garaşylýan Lukaşenkonyň öz garşydaş kandidatlarynyň wagtyny çäklendirmek synanyşygy bilen bagly bolmagy-da mümkin. Awtoritar Lukaşenko 1994-nji ýyldan bäri prezident we şu döwürde geçirilen saýlawlarda ol çynlakaý syýasy synag bilen ýüzbe-ýüz bolmady diýen ýaly. Emma ykdysdy bökdençlikler, Moskwa bilen aradaky duşmançylygyň barha güýçlenmegi belarus liderini adatdakylaryndan amatsyz ýagdaýa saldy.

Geçen ýyllarda Orsýetiň öňden gelýän hökmürowanlygyna garşy deňagramlylyk döretmek üçin Lukaşenko wagtal-wagtal täze hyzmatdaşlar, şol sanda günbatar ýurtlary bilen hem ýakynlaşmaga çalyşdy. Belarus lideriniň edýän hereketleri onuň Moskwa bilen oňşuksyzlyklarynyň barha ösmegine getirdi. Onsoň, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Kreml onuň öz wezipesinden gyrakladylanyny kem görmese gerek.

Belarus oppozisiýasynyň ýolbaşçylary ýetip gelýän saýlaw kampaniýalary mahalynda tagallalary birleşdirmäge umyt bildirdiler, ýöne olar ýeke-täk oppozision kandidat meselesinde oňuşmagy başarmadylar. Prezidentlige ozalky kandidat Aleksandr Milinkewiç iň tanymal oppozision syýasatçy hasaplanýar. Ýöne ol, ozalky aýdan sözlerine garamazdan, bu saýlawa gatnaşmazlygynyň mümkindigini ýaňzydýar. Milinkowiç düýn Azatlyk Radiosyna şu hepdäniň ahyryna çenli bu barada belli bir karara geljegini aýtdy. Emma Lukaşenko bilen bäsleşige çykmaga meýil bildirenleriň sany ona ýetýär. Olaryň arasynda “Liberal-Demokratik partiýanyň” ýolbaşçysy Saýarhiý Heýdukewiç, “Ýewropa Belarusy” hereketiniň başlygy Andreý Sannikow, “Birleşen raýat partiýasnyň” başlygynyň orunbasary Ýaroslaw Romançuk, ýurduň kiçi biznes bileleleşiginiň başlygy Wiktar Tsýaraeşçenka dagy hem bar.

Köpçüligiň ses berjek kandidaty bar

Sannikowyň kandidaturasynyň il içinde has gowy goldanmagy-da ahmal, sebäbi ol şu aýyň başynda öz daçasynda asylgy tapylan oppozision žurnalist Aleks Bebenin bilen ýakyn ýoldaş bolan adam. Prokurorlar başda Bebeniniň ölümini öz janyna kast etmek diýip hasapladylar, ýöne soňy bilen onuň öldürilen bolmagynyň ahmaldygyny tassyk etdiler. Bebeniniň ölümi oppozisiýa aktiwistleriniň tijenmegine we Günbataryň açyk derňew geçirmek baradaky gaharly çagyryşlaryna sebäp boldy.

Sannikow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda hökümetiň saýlawyň geçirilmeli wagtyny şeýle uzak wagtlap aýtman saklamagyny tankyt etdi. «Saýlawyň geçirilmeli senesiniň daşyndaky zatlar, syrlylyk, gep-gürrüňler biziň nähili ýagdaýdadygymyzy görkezýär. Hökümet halka saýlawyň geçjek wagtyny, nähili geçiriljegini hem açyk-aýdyň aýdyp bilenok».

Prezidentlige dalaş etjekler indi formal taýdan öz kandidaturasyny tassyklatmak üçin 100 müň gol ýygnamaly. Bu proses 30-njy sentýabrda başlanmaly we gerekli mukdarda gol ýygnan kandidatlar özlerini kandidat hökmünde hasaba aldyrarlar.

Belarusyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Lidziýa Ýarmoşina düýn saýlawlara gözegçilik etmek üçin halkara synçylarynyň hem çagyryljagyny aýtdy. Synçylar Belarusyň 2006-njy ýylda geçirilen prezident saýlawlarynda bidüzgünçilikleriň bolandygyny aýdyp, ýazgaryjy çykyş etdiler. Lukaşenko şol ýyl geçirilen saýlawda, resmi maglumata görä, saýlawçylaryň 83 prosentiniň sesini alypdy.
XS
SM
MD
LG