Sepleriň elýeterliligi

Syganlary kowýan Fransiýa tankyt edilýär


 Fransiýanyň Içeri işler ministrligi, aýratyn-da syganlara degişli bikanun lagerleri ýykmak barada 5-nji awgustda polisiýa güýçlerine ýörite hat ýaýradyp, buýruk beripdir.

Fransiýanyň Içeri işler ministrligi, aýratyn-da syganlara degişli bikanun lagerleri ýykmak barada 5-nji awgustda polisiýa güýçlerine ýörite hat ýaýradyp, buýruk beripdir.

Ýewropa Bileleşiginiň adalat baradaky komissary Wiwiane Reding Fransiýanyň sygan milletinden bolan migrantlary ýurtdan kowmagyny ýiti ýazgardy.

Redingiň bu hüjüminiň Pariži aljyraňňylyga salandygyna şübhe ýok. Ýöne bu işiň kanuny netijeleri bolarmy, ol entek belli däl. Reding Ýewropa Komissiýasynyň geljek iki hepdäniň içinde Fransiýanyň garşysyna kanuny çäre görmegi mümkin diýýär.

Ýewropa Bileleşiginiň Adalat baradaky komissary Wiwiane Reding düýn beren beýanaty bilen müňden agdyk syganyň Fransiýadan çykarylmagy sebäpli Pariž bilen Brýusseliň arasynda dörän dawany güýçlendirdi. Media ýaňynyň hepdäniň soňunda ýagdaý beýle däl diýip, dünýä jemgyýetçiligine arkaýynlyk berendigine garamazdan, fransuz hökümetiniň syganlaryň lagerlerini ýapmak maksady bilen resmi taýdan herekete geçendiginiň üstüni açdy.

Wiwiane Reding
Reding düýn Brýusselde bu işi “biabraýçylyk” diýip atlandyrdy. “Adamlar belli bir etniki topara degişlidigi üçin Ýewropa Bileleşigine agza bir döwletden göçürilýär diýen täsiri galdyrýan bu ýagdaý meni aňk-taňk etdi. Men Ikinji jahan urşundan soň Ýewropa beýle zada şaýat bolar diýip, asla pikir etmändim” diýip, Reding aýtdy.

Reding: “Fransiýanyň syganlary ýurtdan kowmagy biziň Ýewropa Bileleşigimiziň umumy gymmatlyklarynyň we kanunynyň sorag astyna alynmagy” diýdi. Redingiň pikiriçe, Ýewropa Bileleşiginiň 2004-nji ýyla degişli erkin hereket baradaky görkezmelerini kem-käsleýin ýerine ýetirenligi üçin Komissiýanyň Fransiýanyň garşysyna kanuny çäre görmekden başga ýoly ýok.

“Bu prosedura geljek iki hepdäniň içinde ýola goýlar. Ýitirmäge wagtymyz ýok” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň adalat baradaky komissary Wiwiane Reding aýtdy. Ýöne komissar bu çäreleriň näme sanksiýalary öz içine aljakdygy barada anyk bir zat aýdanok.

Ynjyk mesele

Fransiýanyň Içeri işler ministrligi, aýratyn-da syganlara degişli bikanun lagerleri ýykmak barada 5-nji awgustda polisiýa güýçlerine ýörite hat ýaýradyp, buýruk beripdir. Ýewropa Bileleşiginiň kanuny boýunça bolsa milleti, jynsy ýa etniki gelip çykyşy sebäpli bir topara degmek gadagan. Bu mesele aýratyn-da Ýewropada nasistik Germaniýada beýleki toparlar bilen birlikde syganlaryň hem gyrlandygy sebäpli gaty ynjyk mesele bolup durýar.

Komissaryň aýtmagyna görä, iki hepde mundan ozal Fransiýanyň emigrasiýa ministri Erik Besson bilen Ýewropa ministri Piýer Lelluşyň özüne aýdanlaryna laýyk gelmeýän bu işiň buýruk ýaýradylyp edilendigi.

“Meniň aýdyp biljek ýekeje zadym – Fransiýanyň bu mesele barada Ýewropa Komissiýasy bilen pikir alyşmaly iki ministriniň kepil geçip aýdanlarynyň şol hökümet tarapyndan çykarylan buýruga ters gelýänligine gaty gynanýandygym” diýip, Reding nygtady.

Pariž ýene edaralara gyssagly hat ýaýradyp, syganlar baradaky salgylanmany öçürmegi buýrupdyr. Ýöne komissar: “Möhüm zat sözleriň üýtgemegi däl, üýtgemeli edim-gylym” diýdi.

Ýewropa Komissiýasynyň Redingiň yzyna eýerjekdigi belli däl. Eýeren ýagdaýynda bu onuň Bileleşigiň bir uly agzasynyň garşysyna herekete geçmegi bolýar. Bu hem, syýasy synçylaryň pikiriçe, aňsat iş däl.
XS
SM
MD
LG