Sepleriň elýeterliligi

Klinton: "Ysraýyl, palestin liderleri işe girişýär"


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillary Klinton ysraýyl we palestin liderleriniň ysraýyl-palestin dawalarynyň düýbünde ýatan esasy meseleleriň çözgüdini tapmaga girişendiklerini aýdýar. Ol häzir Ýerusalimde we şu gün giçlik Ysraýylyň premýer ministri Benýamin Netenýahu bilen palestin prezidenti Mahmud Abbasyň arasynda başlanjak täze gepleşikler tapgyryna gatnaşar.

Netenýahu bilen Abbas ozal bu gepleşiklere Müsüriň Şarm el-Şeýh diýen ýerinde, ikinji gün guralan duşuşykda başladylar. Ýöne ol duşuşykda Günbatar kenardaky ýewreý obalarynyň üstünde barýan dawanyň çözgüdi babatda öňegidişligiň bolany eşidilmedi.
XS
SM
MD
LG