Sepleriň elýeterliligi

Norwegiýa bilen Orsýet serhet ylalaşygyna gol çekdi


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen Norwegiýanyň premýer-ministri Jens Stoltenberg şu gün Murmanskide Arktika serhet ylalaşygyna gol çekdi. Bu ylalaşyk 40 ýyllyk çekeleşiklerden soň deňizdäki nebit-gaz ýataklaryny barlamaga ýol açar.

Medwedew gol çekişlik dabarasyndan soň Stoltenberg bilen çykyş eden metbugat ýygnagynda bu şertnamanyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary gowulaşdyrmaga hyzmat etjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG