Sepleriň elýeterliligi

Orsýet daşardan maliýeleşdirilýän guramalary barlaýar


Human Rights Watch şu gün rus prokurorlarynyň daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän döwlete degişsiz guramalaryň onlarçasyny barlaýandygyny aýtdy.

Hukuk toparynyň aýtmagyna görä, Moskwanyň şäher prokuraturasy jemgyýetçilik guramalarynyň birnäçe sagat wagt içinde öz düzgünnmalaryny, hasaba alyş şahadatnamalaryny we salgyt dokumentlerini taýýarlamagyny talap edipdir.

Human Rights Watch barlanýan guramalaryň arasynda Moskwa Helsinki toparynyň, Memorial guramasynyň hem bardygyny, bularyň ikisiniň hem adam hukuklaryny goraýan topardygyny, şeýle-de korrupsiýa garşy Transparency International toparynyň derňelýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG