Sepleriň elýeterliligi

Türki dilli ýurtlaryň liderleri täze sebitara topar döredýär


Türki dilli ýurtlaryň liderleri şu gün Türkiýede duşuşyp, täze regional hyzmatdaşlyk guramasynyň düýbüni tutýarlar. Bu gurama Türkiýe bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmeli.

Türki ýurtlaryň ýolbaşçylary 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri yzygider duşuşyp gelýärler. Ýöne türki dilli ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek kararyna diňe geçen ýyl gelindi.

Stambulda geçýän maslahata Türkiýäniň, Azerbeýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Özbegistanyň prezidenti bu maslahata gatnaşmaýar.
XS
SM
MD
LG