Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky gepleşikler tamamlandy


Ierusalimde ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Kilntonyň gatnaşmagynda geçen Ysraýyl bilen Palestin awtonomiýasynyň arasyndaky nobatdaky gepleşikler tamamlandy.

Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netenýahu hem Palestin awtonomiýasynyň lideri Mahmud Abbas ýewreýleriň göçmegi meselesinde ösüş gazandylar diýip, Waşington hasaplaýar.

Bu beýanaty Ýakyn Gündogar boýunça ABŞ-nyň ýörite wekili Jorj Mitçel Ierusalimde mälim etdi. Ol Ysraýyl hem Palestina tarapynyň geljek hepdede gepleşikleri ýene dowam etdirjekdiklerini hem aýtdy.

Mundan öňinçä ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton bu iki lider ysraýyl-palestin konfliktiniň özeni bolup durýan iň esasy meselä seretmäge girişdiler diýipdi.

Olaryň gepleşigi düýn Müsüriň kurort şäheri Şarm aş-Şeýhde başlanypdy.
XS
SM
MD
LG