Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Lissabonda geçjek sammitine Orsýeti çagyrýar


NATO-nyň Baş sekretary Anders for Rasmussen Orsýeti Demirgazyk Atlantik bileleşiginiň noýabr aýynda Lissabonda geçjek sammitine çagyrýar.

Rasmusseniň sözüne görä, NATO girýän döwletleriň ýolbaşçylary ol maslahatda esasan raketalara garşy goranmak meselesine serederler.

NATO bu ugurda Orsýeti hyzmatdaşlyga çagyrýar diýip, baş sekretar nygtady.

“Bize raketa garşy netijeli gorag gerek. NATO-nyň Lissabon sammitinde biz bu barada ylalaşarys diýip umyt edýärin. Şol sammitde biz bilen hyzmatdaşlyk etmäge Orsýete ýene-de takyk teklip bilen ýüzleneris” diýip, NATO-nyň baş sekretary aýtdy.

Geljek hepdede Waşingtonda daşary işler ministrleriň çäginde Russiýa-NATO geňeşiniň maslahaty geçmeli.
XS
SM
MD
LG