Sepleriň elýeterliligi

HWF Gyrgyzystana 33,7 million dollar karz berer


Halkara walýuta fondunyň ýolbaşçylar geňeşi Gyrgyzystana 33,7 million dollarlyk ýeňilleşdirilen karzy bermegi tassyklady. Ol serişde ýurduň ykdysady kynçylyklaryny ýeňip geçmegine kömek üçin berilýär.

Halkara walýuta fondunyň beýanatynda Gyrgyzystanda aprel aýynda bolan syýasy hem iýun aýyndaky etnigara çaknyşyklar ýurduň ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirdi diýilýär.

Aýratyn-da oba hojalygynyň, infrastruktura pudagynyň, söwda hem hyzmat ediş ulgamynyň agyr zyýan çekendigi aýdylýar.

Bu kömek Gyrgyzystana gyssagly suratda berler.
XS
SM
MD
LG