Sepleriň elýeterliligi

Al-Kaýda Pakistanyň ilatyna çagyryş etdi


Al-Kaýda terrorçylykly guramanyň liderlerinden 2-nji adam diýlip tanalýan Aýman al-Zawahri Pakistanyň ilatyny ýurduň hökümetine garşy çykmaga çagyrdy.

Aýman al-Zawahri ýazgy arkaly eden ýüzlenmesinde Pakistan hökümeti golaýda bolan suw joşmasynda heläk bolanlara netijeli ýardam berip bilmedi diýdi. Şeýle hem ol Pakistan hökümetini korrupsiýada aýyplady.

Wideoýazgyda edilen ýüzlenmä jogap edip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Filip Krouly al-Zawahri zyýan çekenlere ýardam beren hökümet güýçlerine garşy göreşi goldaýar diýdi.

Pakistanda bolan suw joşmasyndan 1,5 müň adam ölüp, 20 milliona golaýy zyýan çekipdi.
XS
SM
MD
LG