Sepleriň elýeterliligi

Eýrandaky awtomobil heläkçiliginde 29 çemesi adam öldi


Eýranda ýüze çykan awtomobil heläkçiliginde 29 çemesi adam öldi, 10 adam ýaralandy diýip, resmi IRNA agentligi habar berdi.

Heläkçilik Tährandan Sawehe barýan ýolda ýüze çykypdyr. Deslapky maglumata görä, maşynyň sürüjisi ýadawlyk zerarly uklapdyr.

Eýranyň awto ýollary dünýädäki iň ýaramaz ýollaryň biri hasaplanýar.

Ýol heläkçiliginden her ýylda 23 müň töweregi adam ölýär.
XS
SM
MD
LG