Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek aktiwistiniň tussag edilmegi tankyt edilýär


Amnesty International guramasynyň işgäri Andrea Huber: “Askarow adam hukuklarynyň goragçysy. Ol aradan salym geçirmän boşadylmaly” diýdi.
Amnesty International guramasynyň işgäri Andrea Huber: “Askarow adam hukuklarynyň goragçysy. Ol aradan salym geçirmän boşadylmaly” diýdi.

Adam hukuklaryny goraýan toparlar bir gyrgyz polisiýa işgäriniň öldürilmeginde eli bar diýlip günäli tapylan adam hukuklaryny goramak boýunça aktiwist özbek Azimjon Askarowyň ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegini ýiti ýazgarýarlar.

Human Rights Watch: “Onuň sud prosesi adalatsyz geçdi” diýip, Gyrgyzystany bu hökümi ýatyrmaklyga çagyrdy.

Askarow bilen birlike sud edilen ýedi özbek iýun aýynda geçen etniki çaknyşyklarda Bazar-Korgan obasynda bir polisiýa işgärini ödürenlikde günäli tapyldylar. Iş kesilenleriň biri aýal. Olaryň hemmesi özleriniň bigünädiklerini aýdýarlar. Askarow bilen bile sud edilenleriň dördüsine ömürlik türme tussaglygy berildi. Bularyň mal-mülki hem konfiskasiýa edilmeli.

Adam hukuklary guramalary, şol sanda Gyrgyzystanda halkyň döwlet işgärlerinden edýän şikaýatlaryny barlaýan Tursunbek Akun hem Askarowyň garşysyna alnyp barlan sud prosesi adalatsyz geçdi, ol gurnalan zat diýýärler. Akun öz edarasynyň bu polisiýa işgäriniň öldürilmegi barada barlag geçirip, Askarow bigünä diýen netijä gelendigini aýdýar.

Ýerli adam hukuklaryny goraýjy topar “Wozduhyň” başlygy Askarowyň alyp baran ençeme ýyllyk işlerinde esasan üns bereni türmelerdäki ýagdaý we polisiýanyň tussaglary nähili saklaýandygy.

“Proses adalatsyz geçdi”

Amnesty International guramasynyň işgäri Andrea Huber: “Askarow adam hukuklarynyň goragçysy. Ol aradan salym geçirmän boşadylmaly” diýdi. “Proses adalatsyz geçdi. Ol urlup-ýenjildi. Onuň adwokatlary we garyndaşlary ýanaldy, olara hüjüm edildi. Bu bir aýylganç höküm. Munuň bilen baglanyşykly biriniň mal-mülküniň elinden alynmagy görlüp-eşidilen zat däl. Nähili hem bolsa, muňa kanuny esas ýok” diýip, Huber nygtaýar.

Human Rights Watchyň Orta Aziýa boýunça barlagçysy Anrea Berg hem: “Sud prosesi adalat hakda bolmaly, ýöne bu bir öç alma ýaly bolup geçdi” diýdi.

Askrowyň aklawçysy Nurbek Toktakunow prosesiň gidişinde hukukaryň bozulandygyny belleýär: “Bu prosesde hukugyň bozulan ýerleri köp boldy. Ilki bilen Askarowa öz adwokatlary bilen duşuşyp, pikir alyşmaga rugsat edilmedi. Prosesde goranyş tarapdan däl-de, diňe sud tarapyndan şaýatlar boldy. Meniň hem dört-bäş şaýadym bar. Bularyň biri adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Aziza Abdrasulowa. Men ony prosese çagyrjak diýenimde pida çekeniň garyndaşlary ‘seniň Azizaň bu ýere gelse, diri çykyp gitmez’ diýip, açyk aýtdylar”.

Gyrgyz häkimiýetleri etniki çaknyşyklar barada geçýän proseslerde diňe özbekler jezalandyrylýar diýilýän tankydy ret edýärler. Olar etniki bidüzgünçilikler bilen baglanyşykly ýene iň bärkisi 240 adamyň garşysyna iş gozgaljakdygyny aýdýarlar. Bu adamlaryň etniki ýerligi soralanda bolsa, berilýän anyk jogap ýok.
XS
SM
MD
LG