Sepleriň elýeterliligi

Benedikt XVI ilkinji gezek Britaniýa sapara bardy


Şu gün Katolok keliseleriniň ruhy lideri Benedikt XVI Britaniýa özüniň ilkinji saparyna bardy. Dört gün dowam etjek bu sapar soňky 28 ýylyň dowamynda Rim papasy tarapyndan Britaniýa edilýän ilkinji sapardyr.

Mundan daşary, bu sapar Watikanyň lideri hökmünde Rim papasynyň ilkinji resmi döwlet sapary diýlip hem hasaplanylýar.

Bu saparynyň barşynda Benedikt XVI Rim Katolik keliseleri bilen Anglikan keliseleriniň gatnaşyklarynda bar bolan käbir dartgynlylyklary gowşatmak we bu gatnaşyklary gowulandyrmak üçin tagalla eder diýlip garaşylýar.

Benedikt XVI-nyň Britaniýa saparynyň dowamynda Katolik keliselerinde amala aşyrylan jynsy zorluklara garşy protestçiler protest çärelerini gurnarlar diýlip hem garaşylýar.
XS
SM
MD
LG