Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda iki sany protestçi atylyp öldürildi


Şu gün Owganystanyň polisiýasy ýurduň günortasynda geçirilen köpçülikleýin demonstrasiýa wagtynda NATO-nyň harby bazasynyň territoriýasyna girmekçi bolan iki sany protestçiniň atylyp öldürilendigini habar berdi.

Maglumata görä, bu demonstrasiýa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda käbir adamlaryň Gurhany ýakandyklary barada peýda bolan media habarlarynyň yzy bilen gurnalypdyr.

Uruzgan welaýatynyň polisiýa edarasynyň başlygynyň orunbasary Gulab Han bu welaýatyň Çora etrabynda ýüzlerçe adamyň «Amerika ölüm» diýen ýaly şygarlary gygyryşyp we NATO-nyň harby bazasyna garşy daş zyňyp, protest ýörişini geçirendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG