Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýewiň “wezpesinden çekilmek plany ýok”


Şu gün Gazagystanyň prezidentiniň syýasy maslahatçysy Ýermuhammet Ýertisbaýew prezident Nazarbaýewiň 2012-nji ýylda dördünji möhlete prezident bolmak üçin saýlawlara gatnaşjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

«Roýter» habar agentligine beren interwýusynda ol, hususan-da, Nazarbaýewiň, iň bolmanda, 2020-nji ýyla çenli wezpesinden çekilmek plany ýok diýip hasaplaýandygyny belledi.

70 ýaşly Nursoltan Nazarbaýew Gazagystanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolaly bäri, ýagny, 1991-nji ýyldan bäri bu ýurda liderlik edip gelýär. Onuň häzirki prezidentlik möhleti 2012-nji ýylda tamamlanýar.

Ýakynda Gazagystanyň parlamenti oňa «milletiň lideri» diýen statusy we birgiden eldegrilmesizlik hukuklaryny berdi.
XS
SM
MD
LG