Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Türkiýäniň Stambul şäherine bardy


Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türki dilli döwletleriň liderleriniň Sammitine gatnaşmak üçin Türkiýäniň Stambul şäherine bardy.

Stambulda geçirilýän bu maslahatda türki dilli döwletleriň liderleri köptaraplaýyn özara hyzmatdaşlyklary ösdürmek meselesi barada maslahat ederler diýlip garaşylýar.

Şu gün «Trend» habar agentligi bu Sammitiň çäklerinde geçirilen metbugat konferensiýasynda prezident G.Berdimuhamedowyň Hazar deňziniň durumy bilen bagly jedelli meselelerde öz ýurdunyň Azerbaýjan bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny ýaramazlaşdyrmak niýetiniň ýokdugyny nygtandygyny habar berdi.

Mundan daşary, habar agentlikleriniň maglumatyna görä, şu gün Stambuldaky bu maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň energetika we tebigy resurslar boýunça ministri Baýramgeldi Nedirow Türkiýäniň we Azerbaýjanyň energetika ministrleri bilen ýörite gepleşik geçiripdir.

Bu gepleşiklerde Türkmenistandan Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana we ondan aňyrky daşarky bazarlara gaz akdyrmak meseleleri barada maslahat edilendigi hem habar berildi.
XS
SM
MD
LG