Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Eýran bilen haryt dolanyşygyny artdyrmakçy


Türkiýe golýadaky bäş ýylyň dowamynda Eýran bilen haryt dolanyşygyny üç esse artdyrmakçy. Bu maglumaty Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Stambulda geçýän bu iki ýurduň işewür toparlarynyň ykdysady forumynda aýtdy.

Foruma gatnaşýan Eýranyň 1-nji wise-prezidenti Reza Raimi Tähran häzir könelişen päsgelçilikleriň üstünde işleýär, ol päsgelçilikler Ankara bilen işjeň gatnaşyklara böwet bolup geldi diýdi.

Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky haryt dolanyşygy 2000-nji ýyldan bäri 10 esse artypdyr. Bu ösüş hatda ýadro programmasy sebäpli, Eýrana girizilen halkara sanksiýalary wagtynda-da dowam edipdir.
XS
SM
MD
LG