Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan Senatynyň komiteti amerikan-ors şertnamasyny makullady


ABŞ-nyň Senatynyň Daşary işler baradaky komiteti hüjüm ediji strategiki ýaraglar barada täze amerikan-ors şertnamasyny makullady. Indi ol dokument Senatyň ähli agzalaryna hödürlener.

Respublikan partiýasyndan bolan kanun çykaryjylaryň birnäçesi bu şertnama garşy çykdylar. Olaryň pikiriçe, beýle şertnama ABŞ-a öz raketalara garşy goranyş ulgamyny ösdürmäge çäklendirme berip biler.

Ol dokumente şu ýylyň aprelinde Praga şäherinde ABŞ-nyň hem Orsýetiň prezidentleri gol çekipdi. Dokument iki ýurduň ýadro ýaraglarynyň üçden birini azaltmagy göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG