Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdepleriň remont işleri ene-atalara agram salýar


Türkmenistanda mekdepleriň remont işleri indi 20 ýyl bäri okuwçylaryň hem-de mugallymlaryň hasabyna amala aşyrylýar.

Bir mekdepde 3-4 çagaçy okaýan ene-atalara birbada köp pul çykarmak gaty çökder bolýar. Emma mugallymlaryň arasynda şeýle ene-atanyň ýagdaýyna düşünesi gelýän az-az bolýar.

Her okuw ýylynyň başynda mekdep müdiriniň tabşyrygy bilen klas ýolbaşçylar özlerine berkidilen klasyň okuwçylaryndan aýda 2 manat möçberinde mekdebiň fonduna diýip pul ýygnaýarlar.

Netijede 9 aýyň dowamynda, ýagny sentýabrdan maý aýyna çenli ýygnanan fond puly mekdebiň zalyny we daşyny, howlyny abatlamak işlerinde peýdalanylýar.

Bu remont işleri bilen mesele gutaranok. Bulardan başga, klas otaglaryny remont etmek üçin hem serişdeler zerur bolup durýar.

Soňky iki ýylyň dowamynda bilim bölümleri tarapyndan klas otaglaryndaky diwarlyklaryň hiliniň ýokary bolmagy berk talap edilýär. Öň mugallymlar öz elleri bilen ýasan diwarlyklary bilen klaslaryny bezän bolsalar, indi ýörite firmalara buýurma bilen taýýar edilen deň ölçegli diwarlyklaryň bolmagyny bilim edaralaryndan gelen barlagçy-hünärmenler talap edýärler.

Şu meseleler bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa ýerli zenan bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG