Sepleriň elýeterliligi

Zakaýew tussaglykdan boşadyldy


Polşanyň polisiýasy Britaniýadan Polşa baran çeçen separatistleriniň lideri Ahmed Zakaýewi tussaglykdan boşatdy. Polşanyň sudunyň ony goýbermek barada karar çykarandygy habar berilýär.

Telewideniýede efire berlen habarda Ahmet Zakaýewiň Warsawadaky suduň jaýyndan ýylgyryp çykyşy görkezildi. Ol bosgunlykdaky çeçenleriň Pultskda geçirilýän halkara kongresiniň ikinji günündäki duşuşygyna gatnaşmagy göz öňüne tutýandygyny hem aýtdy.

Ahmet Zakaýew Orsýetiň halkara Interpol gullugyna gönderen haýyşy esasynda penşenbe güni tussag edilipdi. Ol bosgunlykdaky çeçenleriň halkara kongresine gatnaşmak üçin Britaniýadan Warşawa barypdy. Ol indi Orsýete berilermi ýa berilmez - bu barada Polşanyň sudy karar çykarmaly.

Ýöne ýurduň premýer-ministri Donald Tusk anna güni Brýusselde beren bir beýanatynda Moskwany Polşanyň sudlaryndan özüni begendirjek karara garaşyp ýörmez ýaly etdi. Ol: “Başga bir döwlete gaýtaryp bermek prosedurasy gaýtaryp bermegiň özi däl” diýdi. Tusk Çeçenistanyň garaşsyzlygyny goldaýanlara hem Orsýetiň garşysyna prowokasiýalary ýola goýmazlyk barada duýduryş berdi.

Ahmet Zakaýew penşenbe güni Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda özüniň Polşada bolmagynyň bütinleý kanunydygyny, häkimiýetlerden hiç bir zady ýaşyrmajakdygyny aýtdy.

“Men Orsýet Polşa täze maglumatlar berendir öýdemok. Olaryň elindäki zatlaryň hemmesi ozal Daniýada we Britaniýada sudlar tarapyndan iki gezek ölçerip-dökülen zatlar. Ýöne polýak häkimiýetleri bu soraglara bir polýak sudy hem garamaly diýseler, men muňa-da taýýar” diýip, Zakaýew aýtdy.

Orsýet tarapyndan 2002-nji ýylda çykarylan buýrukda 1990-njy ýyllarda ors güýçleri bilen çeçen separatistleriniň arasynda geçen uruşlarda bolan jenaýatlara Zakaýewiň jogapkärdigi aýdylýar. Ors häkmiýetleri şeýle hem çeçenleriň Polşada geçýän maslahaty gowgaly Kawkaz regionynda dartgynlylygy artdyrar diýip zeýrenýärler.

Zakaýew kim?


Zakaýew ykrar edilmedik Çeçen respublikasy Içkeriýanyň premýer-ministriniň öňki orunbasary we häzirki premýer-ministri. Ol şeýle hem 2005-nji ýylda ors güýçlerine garşy bir söweşde aradan çykan Çeçenistanyň separatistik prezidenti Aslan Mashadowyň sözçüsidi.

1994-nji ýaldan bärde Moskwa çeçen separatisleriniň garşysyna iki gezek goşun çekip, regiony tozdurdy. Ol häzirem Çeçenistanda, Dagystanda we Inguşystanda radikal yslamçy gozgalaňçylara garşy söweşýär.

Uruşlarda özüne ýeten ýaralary daşary ýurtlarda bejertmek maksady bilen 2000-nji ýylda Çeçenistany terk eden Zakaýew Orsýetiň 2002-nji ýyla degişli buýrugy boýunça Daniýada tutuldy. Ýöne Kopengagen Moskwanyň ony gaýtaryp bermek baradaky haýyşyny ret etdi.

Zakaýew 2002-nji ýylyň aýaklarynda Daniýadan Britaniýa baranda, ýene tutuldy. Iň soňunda hem britan sudy: “Moskwanyň ony ele salmak baradaky isleginiň syýasy sebäpleri bar, onuň ol ýerde gynalmak howpy abanýar” diýip, 2003-nji ýylyň noýabrynda Zakaýewe syýasy pena berdi.

Britan sudy Zakaýewi Orsýete gaýtaryp bermezlik hakdaky kararyny: “Moskwanyň Zakaýew Orsýete tabşyrylmaly diýip getirýän delili ýeterlik esassyz. Ol ors esgerleriniň garşysyna ýaragly güýç ulandy diýilýän aýyplama içki ýaragly konfliktde bolan zat” diýip delillendirdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG