Sepleriň elýeterliligi

Britan polisiýasy bäş adamy tussag etdi


Şu gün Britaniýanyň polisiýasy bu ýurda sapar edýän Katolok keliseleriniň ruhy lideri Benedikt XVI-nyň janyna kast etmäge taýýarlyk görenlikde güman edilýän bäş adamyň tussag edilendigini habar berdi.

Londonyň polisiýa edarasynyň resmileri bu tussag astyna alnan adamlaryň 26 ýaşdan 50 ýaş aralygyndaky adamlardygyny mälim etdiler, ýöne olaryň anyk şahsyýeti ýa milletleri barada maglumat bermekden saklandylar.

Düýn dört günlük resmi sapar bilen Britaniýa baran Benedikt XVI Britaniýanyň korolewasy Ýelizaweta bilen duşuşdy. Soňra onuň Glazgo şäherinde açyk meýdanda eden çykyşyny diňlemek üçin 65 müň töweregi adam ýygnandy.

Dört gün dowam etjek bu sapar soňky 28 ýylyň dowamynda Rim papasy tarapyndan Britaniýa edilýän ilkinji sapardyr. Mundan daşary, bu sapar Watikanyň lideri hökmünde Rim papasynyň ilkinji resmi döwlet sapary diýlip hem hasaplanylýar.

XS
SM
MD
LG