Sepleriň elýeterliligi

Owgan parlament saýlawlaryna kandidat alnyp gaçyldy


Şu gün Owganystanyň hökümet resmileri öten agşam saýlaw kampaniýalary boýunça iş alyp barýan aktiwistleriň bir toparynyň we, şol sanda, parlament saýlawlaryna kandidatlardan hem biriniň ýaragly söweşijiler tarapyndan alnyp gaçylandygyny mälim etdiler.

Resmileriň maglumatyna görä, alnyp gaçylan 19 adamdan 8-si saýlaw kampaniýalary boýunça iş alyp barýan aktiwistler we ýene biri parlament saýlawlaryna kandidat.

Talyp söweşijileri bu alnyp gaçylmalaryň jogapkärçiligini öz üstlerine alyp şu gün beýanat ýaýratdylar.

Şenbe güni geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňýany talyp söweşijileri bu saýlawlarda ses berjek saýlawçylara we dalaşgär hökmünde gatnaşjak kandidatlara berk çäre görüljekdigi bilen haýbat atyp, duýduryş berdiler.

Bu wakalaryň fonunda Owganystanyň ähli regionlarynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Şu gün Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ýurduň raýatlaryny şenbe güni geçiriljek saýlawlara aktiw gatnaşmaklyga we kandidatlara ses bermeklige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG