Sepleriň elýeterliligi

Şri-Lankadaky partlamada azyndan 25 adam öldi


Şu gün Şri-Lankanyň harby güýçleriniň resmileri partlaýyjy maddaly konteýneriň partlamagy netijesinde azyndan 25 adamyň ölendigini we onlarça adamyň ýaralanandygyny mälim etdiler.

Maglumata gorä, bu heläkçilik Şri-Lankanyň Battikaloa şäheriniň golaýynda ýüze çykypdyr.

Başda ýurduň polisiýasy partlamadan ölenleriň sanyny 60 töweregi diýip görkezipdi. Ýöne birneme soňra harby resmiler çekilen adam ýitgisiniň sanynyň azyndan 25 töweregidigini tassykladylar.

Ýük maşyndaky parlaýyjy maddanyň nähili ýagdaýda partlandygy barada heniz anyk maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG