Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hususy gazet çap edilip başlandy


Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew
Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew ýurduň prezidentine özüniň ýolbaşçylyk edýän birleşmesiniň «Rysgal» atly gazetiniň ilkinji sanyny gowşurdy.

Şu ýylyň 9-njy iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berdimuhamedow ýurtda hususy gazetdir žurnallary döretmek hakda aýdyp, bu babatda ýurduň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öz gazetiniň hem-de žurnalynyň döredilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny belläpdi. Şol mejlisde prezident hususy gazetdir-žurnallary döretmek meselesini beýleki pudaklar babatda-da öwrenilmelidigini aýdypdy.

«Rysgal» gazeti ýurduň baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda döredilen hususy gazetdir. Ýöne ol Türkmenistanda hususy gazet hökmünde neşir edilip başlanan ýeke-täk gazet däldir. «Rysgaldan» başga «Biznes Reklama» hususy gazet hökmünde indi on bäş ýyl töweregi bäri neşir edilip gelinýär.

Berdimuhamedow BMG-niň sessiýasyna gatnaşar

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer R.Meredow çykyş edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň hökümet delegasiýasynyň 19-23-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna boljak saparyna görülýän taýýarlyklar barada ýurduň prezidentine hasabat berdi. R.Meredowyň hasabatyna laýyklykda Türkmenistanyň prezidenti Nýu-Ýorkda beýleki döwletleriň baştutanlary, görnükli syýasy işgärler, iri biznesiň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirer.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa çykyş edip, Mejlisiň 4-nji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçiriljekdigini aýtdy.

A.Nurberdiýewanyň beren hasabatyna laýyklykda, täze kanun taslamalarynyň, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi Mejlisiň deputatlarynyň garamagyna hödürlener.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG