Sepleriň elýeterliligi

Gongadzäniň birinji we ikinji ölümi


Gongadze 2000-nji ýylda öldürildi.

Gongadze 2000-nji ýylda öldürildi.

Serhiý Hrabowskiý

10 ýyl mundan öň ukrain žurnalisti Georgiý Gongadzäniň öldürileli bäri tutuş bir döwür geçdi. Ozalky prezident Leonid Kuçmanyň döwri hem, Içeri işler ministrliginiň ofiserleriniň, «Krawçenkonyň bürgütleri» diýilýänleriň režimiň garşydaşlary bilen bikanun, köplenç öldürip haklaşmalary hem geçmişe gitdi.

Kuçmaçylyk Ukrainada 1994-nji ýylda başlandy. Şondan soň Ukrainanyň Aklawçylar birleşiginiň başlygy gümürtik ýagdaýda ýitirim boldy. Milli bankyň öňki başlygy Wadim Hetmanyň, oppozisiýa lideri Wýaçeslaw Çornowiliň, iş adamy we parlament deputaty Ýewhen Şerbanyň we beýlekileriň syrly ölümleri hem şu güne çenli jogapsyz ýatyr. Tanymal syýasatçylaryň, parlament agzalarynyň, žurnalistleriň käbiri garaşylmadyk ýol hadysalarynda ölse, olaryň käbiriniň janyna kast edildi, käbirleri bolsa özlerini öldüren ýaly bolup dünýeden ötdi.

Soňra Gongadze öldürildi. Gynançly ýeri, ol bu merhumlaryň sanawyndaky soňky adam bolmady. Gongodzaden soňam syrly ölümler dowam etdi. Žurnalist Ihor Oleksandrow beýsbol taýagy bilen urlup öldürildi. Parlamentiň ýene iki agzasy ýol hadysasynda öldi, Ukrainanyň döwlet ýarag eksporty kompaniýasynyň başlygy hem şeýle boldy. Onsoň, wakalaryň ösüşiniň ýokary başyna çykylan ýaly, Kuçma sahnadan düşdem welin, ýene bir geň-taňlyk boldy: Ukrainanyň baş prokurorunyň resmi tassyknamasyna görä, ozalky içeri işler ministri Ýuriý Krawçenko özüni öldürdi. Onuň kellesinden iki ok geçipdir.

Soňra Wiktor Ýuşçenkonyň döwri geldi. Onuň döwründe syrly ölümleriň yzy kesildi. Ýuşçenko öz prezidentliginiň başynda Gongadzäniň ganhorlarynyň üstüniň açylandygyny jar etdi. Bu dogrudanam şeýle boldy. Gongadzäni öldüren adamlar türmä-de basyldy. Ýöne bu ölümi kimiň buýrandygy bilinmän, syr bolup galdy. Bu syr diňe 10 ýyl soň, haçanda resmiler ozalky içeri işler ministri Krawçenkony günäkär diýip atlandyranlarynda açyldy.

Georgiý Gongadze, käbirleriniň ony göwnüne getirişi ýaly, söz azatlygynyň gullugyndaky şehit bolmandy. Ol ukrain žurnalisti bolupdy, kämil, tejribeli, şaty gören, şol bir wagtda-da birneme hyýalbent adam bolupdy. Muňa garamazdan, ol öz işine gaty çynlakaý garaýardy.

Gongadze žurnalistler mähellesiniň içinde ýakymsyz soraglary bermäge het etmek artykmaçylygy bilen saýlanýardy. Kuçmanyň žurnalistleriň soraglaryna jogap berşini görkezen bir telewizion programmasy meniň şu günki ýaly ýadymda. Bir adamdan başga hemme kişi prezidentiň gaharyny getirmejek mylaýymja soraglary berdi. Emma bu kada sygmadyk bir žurnalist tapyldy, ol Georgiý Gongadzedi. Kuçmanyň bu pursaty ýadyndan çykarjagyna ynanmak kyn. Emma soň ol özüniň Gongadzäniň kimdigini hem bilmeýändigini aýtdy. Ukrain prezidenti şonda görnetin ýalan sözleýärdi.

Gongadze Ukrainadky ilkinji we meşhur internet saýtyny, «Ukrainska prawdany» döretdi. Bu proýekti ilkibaşda kimiň maliýeleşdirendigi hakynda bir topar myş-myş bar, ýöne bu gürrüňler manysyz. Bu ýerde möhüm zat ol proýekte harçlanan pullaryň jenaýatçylykly gazanylan serişde däldigi. Eger bu şeýle bolmasady, onda ol serişdeleriň «aýby» Gongadzäniň ýitirim bolmagynyň yzysüre açylardy.

Elin haklaşylýar

Ukrainanyň baş prokurorynyň aýtmagyna görä, 2000-nji ýylyň 13-14-nji sentýabry töwereklerinde şol wagtky içeri işler ministri Krawçenko ministrligiň derňew bölüminiň başlygy, general Oleksiý Pukaça Gongadzäni öldürmegi buýurýar. 16-njy sentýabr agşamy Gongadze Pukaç we ministrligiň beýleki güýçleri tarapyndan alnyp gidilýär we 17-nji sentýabrda, gije ýarymdan sähel agandan soň öldürilýär. Onuň göwresi tokaýda jaýlanýar, Pukaç tarapyndan kesilen kellesi bolsa başga ýerde gömülýär.

Ukrainanyň öňki prezidenti Leonid Kuçma
Gongadzäniň ýitirim bolan ilkinji hepdesi onuň žurnalist kärdeşleriniň arasynda belli bir derejedäki şübhe höküm sürdi. Olaryň tas hemmesi diýen ýaly ganhorlar, bolmanda bu ölümi buýran adamlar hiç wagt tapylmaz öýtdüler. Emma bu iş öz-özüni ýaşatmagyň hötdesinden geldi: Gongadzäniň işi režimiň eden-etdiliginiň we oňa garşy göreşiň simwolyna öwrüldi.

«Ukrainska prawdanyň» ýazmagyna görä, Pukaçyň baş prokurora beren görkezmesinde häzirki parlament spikeri Wolodimir Litwiniň we Winnitska oblastynyň gubernatory Mikola Džiganyň hem atlary agzalypdyr (Litwin şol wagt Kuçmanyň prezident apparatynyň başlygydy, Džiga bolsa içeri işler ministriniň orunbasarydy.).

Pukaç Gongadzäni öldüreninden soň kän wagt geçmänkä içeri işler ministriniň kabinetine barşyny we Krawçenkonyň özüni Litwin bilen tanyşdyryşyny gürrüň berýär. Şonda, Pukaçyň tassyklamagyna görä, Krawçenko «bu biziň Gongadze bilen elin haklaşan kärdeşimiz» diýipdir we onuň arkasyna kakypdyr. Soňra ol Litwine tarap öwrülip, «prezidente aýt, biz onuň ähli görkezmesini ýerine ýetireris» diýipdir.

Pukaç diňe Litwiniň we Džiganyň däl, eýsem Kuçmanyň we Ukrainanyň howpsuzlyk gullugynyň başlygy Leonid Derkaçyň bu işden habarly bolandygyny aýdýar. Emma Litwin muny ret edýär we Pukaç bilen hiç wagt duşuşmandygyny aýdýar.

17-nji sentýabr, jenaýatyň bolan wagtyndan soňky möhlet çäklendirmesi sebäpli, Gongadzäniň ölümini buýurmak babatda kimdir biriniň aýyplanmagy üçin iň soňky gün. Eger bu şol güne çenli edilmese, bu günäkär adamlaryň aman galdygy bolýar.

Bu işiň derňewiniň 10 ýyllap süýrenjeňlige salynmagy hem şu sebäpden bolup biler. Kim bu işi eden, elini gana bulan bolsa, şol hem jezalandyrylar, emma bu jenaýatyň arkasynda duran adamlar kölegede galar. Belki-de bu ženaýatda bar günäniň Krawçenkonyň, öz kellesinden iki ok atyp özüni öldüren adamyň üstüne atylmagy hem tötänlik däldir. Gongadze Krawçenko hakynda hiç zat ýazmandy, emma ol Pukaçyň görkezmesinde ýatlanan beýleki adamlar barada ýazma kemini goýmandy.

Gongadzäniň öldürilmeginiň iň möhüm netijesi žuranlistleriň we ukrain jemgyýetçiliginiň umumylykda söz azatlygynyň goragynyň daşyna ýygnanmagydyr. 2005-nji ýylyň Mämişi rewolýusiýasyndan soň bu azatlygy berkitmekde çynlakaý işler edilipdi. Emma indi ol işleriň köpüsi howp astynda we yza iterilýär. Eger biziň häzirki görýän tendensiýalarymyz Ukrainada kadaly bir zada öwrülse, onda bu Gongadzäniň baş goýan işiniň öldügi bolar. Şonda ol ikinji gezek öldüriler.

Serhiý Hrabowskiý Kiýewde ýaşaýan ukrain ýazyjysy. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG