Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäherine bardy


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäherine bardy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasy resmi ýagdaýda ýakynda, 14-nji sentýabrda açyldy. Şu gün bolsa, bu sessiýanyň çäklerinde asyryň ösüş maksatlaryna bagyşlanylyp üç günlük Sammit açylýar.

Bu Sammite dünýäniň dürli ýurtlarynyň liderleriniň we ýokary derejeli resmileriniň hatarynda Türkmenistanyň prezidenti hem gatnaşar. Şu gün prezident Berdimuhamedow bu Sammitde ýörite doklad bilen çykyş eder diýlip garaşylýar.

Mundan daşary, şu gün türkmen prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki Mun bilen hem duşuşmaklygy planlaşdyrýar.

Türkmenistanyň resmi habar çeşmeleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň käbir beýleki döwletleriň liderleri bilen-de duşuşjakdygyny habar berýärler.
XS
SM
MD
LG