Sepleriň elýeterliligi

Yslamçy söweşijiler täjik esgerlerine hüjüm etdiler


Düýn Täjigistanyň gündogar regionynda güman edilýän yslamçy ýaragly söweşijiler ýurduň harby esgerlerine hüjüm etdiler.

Täjigistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Farudin Mahmadaliýew düýn öýlän daglyk regionda ýaragly hüjümçileriň amala aşyran bu hüjüminde harby esgerlerden 23-siniň ölüp, 10-synyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Täjigistanyň häkimiýetleri bu hüjümiň terrorçy bir topar tarapyndan amala aşyrylandygyny we bu toparyň içinde ýakynda ýurduň türmesinden gaçan yslamçy söweşijileriň hem bar bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Maglumata görä, harby esgerlere garşy amala aşyrylan bu ganly hüjüm ýurduň paýtagty Duşenbe şäherinden 185 kilometr töweregi gündogarda ýüz beripdir.
XS
SM
MD
LG