Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetiň Siriýa raketa satmak planyny Ysraýyl ýazgarýar


Düýn Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu Orsýetiň Siriýa deňiz gämilerine garşy ulanylýan harby raketalary satmak planyny ýazgaryp çykyş etdi.

Benýamin Netenýahu Orsýetiň Siriýa «P-800» kysymly raketalary satmak barada baglaşan ylalaşygynyň Ysraýylda uly alada döredýändigini aýtdy.

Ýakynda Orsýetde saparda bolan Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak hem Moskwada geçiren duşuşyklarynda Orsýetiň bu plany bilen bagly aladalaryny mälim edipdi.

Emma muňa garamazdan, Orsýetiň goranmak ministri Anatoliý Serdýukow geçen hepde Waşingtonda eden çykyşynda Orsýetiň 2007-nji ýylda Siriýa bilen baglaşan ylalaşygyna görä, bu raketa söwdasynyň amala aşyryljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG