Sepleriň elýeterliligi

Germaniýadaky hüjümde dört adam öldi


Düýn Germaniýanyň günorta-günbatar regionyndaky Loerrah şäherçesinde amala aşyrylan ýaragly hüjümde azyndan dört adamyň ölendigi we bir polisiýa işgäriniň ýaralanandygy barada maglumat alyndy.

Ýerli polisiýa edarasynyň maglumatyna görä, bu wakada ilki bu şäherçedäki kwartiralardan birinde partlama we ýangyn ýüz beripdir. Şol wakanyň yzy bilenem bir aýal maşgala ýerli keselhana girip, keselhananyň birnäçe işgärini atyp öldüripdir.

Deslapky malumatlarda bu wakalarda jemi dört adamyň ölendigi habar berilýär. Maglumata görä, polisiýa işgärleri bu hüjüm eden aýaly atyp öldüripdirler. Ýöne ol aýalyň anyk şahsyýeti barada häzirlikçe maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG