Sepleriň elýeterliligi

Lužkow Orsýeti terk edip, daşary ýurda dynç alşa gitdi


Düýn Moskwa şäheriniň meri Ýuriý Lužkow öz wezipesinden çetleşdirilmeginiň mümkindigi barada ýaýran soňky gürrüňleriň fonunda Orsýeti terk edip, daşary ýurda dynç alşa gitdi.

Moskwanyň şäher administrasiýasynyň metbugat sekretary Sergeý Soý «RIA-Nowosti» habar agentligine beren interwýusynda Ýuriý Lužkowyň bir hepdelik Wenada dynç almakçydygyny aýtdy.

Indi 1992-nji ýyldan bäri Moskwa şäherine ýolbaşçylyk edip gelýän Ýuriý Lužkow soňky birnäçe hepdäniň dowamynda ýurduň mediýasynda ýiti tynkytlara sezewar boldy. Şol sanda, Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hem ony gönüden-göni tankyt etdi.

Şu geçen şenbe güni, 18-nji sentýabra Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki NTW telekanaly ikilenji gezek Ýuriý Lužkow we onuň biznesmen aýaly Ýelena Baturina barada tankydy filmi efire berdi.
XS
SM
MD
LG