Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG-niň Halkara atom agentliginiň konferensiýasy açylýar


Şu gün Wenada Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara atom agentliginiň ýyllyk konferensiýasy açylýar. Bu konferensiýa bu Halkara atom agentligine agza 151 ýurtdan ýörite wekiller gatnaşar diýlip garaşylýar.

Bir hepde dowam etjek bu konferensiýanyň dowamynda käbir beýleki meseleler bilen birlikde, Ysraýylyň ýadro ýarag arsenaly baradaky mesele hem esasy çekişme doretjek meselelerden biri bolar diýlip hasaplanylýar.

Geçen ýylky konferensiýada hem, aglaba, arap ýurtlarynyň wekilleri Ysraýylyň ýadro ýaraglaryndan el çekip, ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk baradaky halkara şertnamasyna gol çekmegini talap edipdiler.

Bu ýyl Ysraýylyň käbir tarapdarlary, şol sanda, Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem Ysraýylyň ýadro ýaraglary bilen bagly dawalaryň ýakynda ýola goýlan Ýakyň Gundogar parahatçylyk gepleşiklerine ýaramaz täsirini ýetirmeginden alada edýändiklerini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG