Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Saýlaw işgärleri 18-nji sentýabrda Owganystanda geçen ses berişlikde kimleriň ýeňiş gazanandygyny kesgitlemek maksady bilen berlen sesleri sanamaga başladylar. Ýöne saýlawyň netijeleri entek belli bolmasa-da, talybanyň bu ses berişligi bozmak üçin eden synanyşyklarynyň netijesi welin belli.

Içeri işler ministrligi ses berişligiň gidişinde parahat ilatdan iň bärsinden 11, polisiýa işgärlerindenem üç adamyň öldürilendigini aýtdy. 18-nji senýabrda NATO öldürilen çet ýurtly esgerleri hem bu sanyň üstüne goşup, 22 adamynyň öldürilenligini aýtdy.

Muňa garamazdan, bu saýlawda talyban tarapyndan ýola goýlan hüjümler öňkülerinden az. 2009-njy ýylyň 20-nji awgustynda geçen prezident saýlawlarynda bolan gazaply hadysalar 422 bolan bolsa, bu gezek 305-e çenli azaldy. Talybanlaryň hüjümleriniň näçe adamyň ses berişlige gatnaşmazlygyna sebäp bolandygy belli däl. Bu san sesler sanalansoň, aýan bolar.

Saýlaw komissiýasy 18-nji sentýabrda 3,6 million adamyň saýlawa gatnaşandygyny aýtdy. Howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ýurtdaky problemalaryň bardygyna garamazdan, owgan resmileri ses berişligiň kynçylyksyz geçendigini aýdýarlar.

“Şu wagta çenli gelip gowşan şikaýatlar, hemmesini birikdiräýeniňde-de, saýlawyň ygtybarlylygyna zeper ýetirer öýdemok. Ýöne bu barada anyk zady aýdardan entek ir” diýip, Saýlaw komissiýasynyň şikaýatlara garaýan toparynyň başlygy Saýed Murad Şerifi aýtdy.

Saýlawlaryň hili

Emma her halda saýlawçylar köp zatlardan zeýrenýärler. Köplenç hem sesler sanalanda, aldawçylyga ýüz urulmagyndan gorkulýar. Ýurtda saýlawlara gözegçilik edýän iň uly garaşsyz topar “Owganystanyň erkin we adalatly saýlawlar fondy” öz beýannamasynda saýlawlaryň hili barada özüniň çynlakaý alada edýänligini bildirdi.

Fonduň ýerine ýetiriji direktory Jandad Spingar: “Saýlawa erkin we adalatly diýilmeli bolsa, onda şikaýatlara doly garalmaly” diýdi. Ol şeýle diýýär: “Bular ýaly şikaýatlara doly garalmasa, olar Şikaýat komissiýasy we Saýlaw komissiýasy ýaly bar bolan mehanizmleriň üsti bilen kanuny taýdan çözülmese, onda bu saýlawyň ygtybarlylygyna oňaýsyz täsir eder”.

Öten ýyl prezident saýlawlarynda edilen galplyklar zerarly galplyk meselesi Owganystanda ynjyk mesele bolup durýar. Saýlawyň geçirilişine jogapkär resmiler aldawçylygyň öňüni almak üçin bu gezek güýçli gözegçilikden peýdalanandyklaryny aýdýarlar. Halkyň saýlawlara ynam etmeginiň bu aýdylýanlaryň hakykata nädereje laýykdygyna bagly.

Hem owgan hökümeti hem-de onuň halkara goldawçylary kanuny diýip kabul edilen saýlaw owgan administrasiýasyny güýçlendirer diýip, umyt edýärler. Saýlawlaryň ilkinji netijeleri oktaýabryň başlarynda berler diýlip garaşylýar. Ondan soň hem galplyk meselesi barlanar.

Parlamentde 249 orun bar, şol orunlar ugrunda 2500 kandidat özara bäsleşdiler.
XS
SM
MD
LG