Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl-Palestin gepleşikleriniň agsamagy mümkin


Palestin awtonomiýasynyň ýolbaşçysy Mahmud Abbas parahatçylyk barada golaýda başlanan Ysraýyl-Palestin gepleşiklerini taşlamagynyň mümkindigini aýdýar. Bu gepleşikler ABŞ-nyň araçyllygynda ýola goýlupdy.

Abbas Ysraýylyň Günbatar kenardaky gurluşyklaryny saklamak barada girizen möhleti tamamlanandan soň, gepleşiklere ýeke gün hem gatnaşmajakdygyny aýdýar.

Mundan bir gün öň Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netenýahu gurluşyk baradaky öz planyny üýtgetmejegini mälim edipdi.

Gurluşyklary saklamagyň möhleti 26-njy sentýabrda tamamlanmaly.
XS
SM
MD
LG