Sepleriň elýeterliligi

Eýran HAEG-niň soňky hasabatyny tankytlady


Eýranyň Atom gullugy edarasynyň başlygy Ali Akbar Salehi Halkara Atom energiýasy gullugyny häzir “ynam we ahlak ynamynyň kynçylyklaryny” başdan geçirýär diýdi.

Şu gün Wenada Halkara Atom energiýasy gullugynyň ýyllyk baş konferensiýasynda çykyş eden Ali Akbar Salehi Eýranyň dawaly bolan ýadro programmasy baradaky bu guramanyň soňky hasabatyny hem tankytlady.

Hyzmatdaşlyk babatynda Tährany berk ýazgarýan ol hasabata “bilgeşlin tapylan hem adalatly däl” diýdi.

Iýun aýynda bu guramanyň iki tejribeli wekiline öz Ýadro obýektlerini görkezmekden ýüz öwrensoň Tähran bilen Halkara Atom energiýasy gullugynyň arasyndaky gatnaşyklar düýpli ýitileşdi.

Dünýäniň 151 döwleti agza bolan Halkara Atom energiýasy gullugynyň maslahaty bir hepde dowam edýär.
XS
SM
MD
LG