Sepleriň elýeterliligi

Ors-gyrgyz harby hyzmatdaşlygy maslahat edilýär


Bişkekde Orsýetiň harby güýçleriniň Gyrgyzystanda bolmagy barada ekspertleriň arasynda gepleşikler başlandy. Gyrgyzystan rus harby bazalary üçin kärende tölegleriň artdyrylmagyny öňe sürýär.

Orsýetiň delegasiýasyna ýurduň Baş harby ştabynyň ýolbaşçysynyň orunbarasy general Walriewý Gerasimow ýolbaşçylyk edýär. Gyrgyzystan tarapyndan goranmak minisriniň orunbasary Asylbek Ormokoýew gatnaşýar.

Espertler öňki gelnen ylalaşyga görä, birnäçe günüň dowamuynda Orsýet harby bazasy barada bitewilikde gepleşik geçirerler. Oňa Gyrgyzystanyň çäginde ýerleşen birnäçe rus harby obýektleri girýär.

Gepleşiklerde Orsýet-Gyrgyzystan harby hyzmatdaşlygy barada hem gürrüň bolar.

ABŞ Bişkegiň etegindäki Manas aeroportyndaky harby bazasy üçin Gyrgyzystana her ýylda 60 million dollar töleýär.
XS
SM
MD
LG