Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwesiýada bilelikdäki sagçy-merkezçi partiýa ýeňiş gazandy


Ýekşenbe güni Şwesiýada geçen parlament saýlawlarynda bilelikdäki sagçy-merkezçi partiýa ilkinji gezek ýeňiş gazandy. Ýöne olara sesleriň köplügini almak başartmady.

Ýurduň häzirki prenýer-ministri Fredrik Reýnfeldtiň ýolbaşçylygyndaky 4 partiýa parlamentdäki 349 orundan 172 orny eýelediler.

Sosial-demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky Çepçi-merkezçi blogyň parlamentde eýeleýän orunlary sagçylardan 15 kürsi az bolar.

Şwesiýadaky immigrantlara garşy çykyş edýän “Şwed demokratiýasy” atly aşa sagçy partiýa hem 20 deputatlyk ornuny eýeledi.

Ýöne häzirki premýere parlamentde sesleriň köplügini eýelemek üçin ýene 3 ses ýetenok. Olar ýaşyllara ýüzlenmekçi bolýarlar.
XS
SM
MD
LG