Sepleriň elýeterliligi

PKK bir hepdeläp öz hüjümlerini bes edýär


Türkiýede hereket edýän “Kürt işçi partiýasy” öz hüjümlerini bir taraplaýyn ýene bir hepdeläp bes etjekdigini mälim etdi.

Türkiýäniň günorta-gündoragynda giň çäkdäki öz awtonomiýasy ugrunda göreş alyp barýanlar kürt topary 13-nji awgustdan bäri wagty “Hereketsiz döwür” diýip atlandyrdy.

Türkiýe, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi “Kürt işçi partiýasyny” terroristik gurama hasap edýärler. Olaryň türk hökümeti bilen 1984-nji ýyldan bäri alyp barýan ýaragly çaknyşyklarynda 40 müňden gowrak adam öldi. Olaryň köpüsi kürtlerdir.
XS
SM
MD
LG