Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG gedaýlaşmaga garşy çäreleri maslahatlaşýar


Şu gün Nýu-Ýorkda 140 ýurduň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky BMG-niň nobatdaky sammitinde açlyga hem gedaýlaşmaga garşy çäreler maslahatlaşylýar.

Üç günläp dowam etjek sammitde mundan bir ýyl öň BMG tarapyndan öňe sürlen maksatnamanyň ugurlary maslahatlaşylýar. Ol maksatnama 2015-nji ýyla çenli döwri öz içine alýar.

Ol ýerde esasy maksat garyplygy ýeňip geçmek, çaga ölümini azaltmak, bilimiň ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de WIÇ infeksiýasynyň öňüni almak meselelerine serediler.

Sammitiň gutarýan güni, çarşenbede ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama sammite gatnaşyjylara ýüzlenip çykyş etmekçi.

Şol wagtyň özünde Nýu-Ýorkda BMG-nyň ştab-kwartirasynda “Pakistanyň dostlarynyň duşuşygy” atly maslahat geçdi. Olar suw joşmagy netijesinde Pakistana berilmeli ýardamlar barada pikir alyşdylar.

ABŞ Yslamabada 345 million dollar ýardam etjekdigini aýtdy. Bu Waşingtonyň öňki söz bereninden has köpdür.

Beýik Britaniýa 109 million dollar, Ýewropa Bileleşigi bolsa eýýäm 315 million dollar berendigini aýtdy.

Duşuşykda BMG-nyň Baş sekretary Ban Ki Mun şeýle diýdi: “Päkistanyň halky dünýä jemgyýetçiliginiň ýardamyna bil baglaýar. Olar öz hojalyklaryny, oturymly ýerlerini dikeldip, durmuşyny ýola goýar ýaly, geliň, Pakistana berýän ýardamymyzy dowam etdireliň”.
XS
SM
MD
LG