Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB we ABŞ ukrainaly žurnalistiň ýitirim bolmagyny ýazgarýar


Düýn Ýewropa Bileleşigi we Amerikanyň Birleşen Ştatlary ukrainaly žurnalist Wasiliý Klementýewiň ýitirim bolmagy bilen bagly wakany ýazgaryp, beýanat ýaýratdylar.

Hususan-da, Ýewropa Bileleşigi we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu barada ýaýradan beýanatlarynda Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçi bu bolan waka çynlakaý üns bermeklige çagyrypdyrlar.

Şeýle hem, bu beýanatlarda Ukrainanyň hökümetine metbugat azatlygyny goramak boýunça çynlakaý alada etmeklige çagyryş edilýär.

Ukrainada çap edilýän «Nowyý stil» gazetiniň baş redaktory Wasiliý Klementýew ýakynda, 11-nji awgustda ýitirim bolupdy. Şondan bäri ondan hiç hili habar-hatyr ýok. Klementýewiň egindeşleri ol öldürilendir diýip hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG