Sepleriň elýeterliligi

Gazak türmesinde 8 tussag özüni ýaralady


Düýn Gazagystanyň Karaganda oblastyndaky «Dolinka» atly türmede 8 sany tussag ol ýerdäki şertlere protest bildirip, öz bedenlerine agyr ýara saldylar.

Munuň özi bu türmede amala aşyrylýan şular ýaly protest çäreleriniň nobatdakysydyr.

Karaganda oblastynyň türmeler we zähmet-düzediş sistemalary boýunça oblast Komitetiniň metbugat sekretary Nataliýa Gorina bu tussaglaryň türmede özlerine gezmelemäge rugsat berilmegini, şeýle-de özlerine garyndaşlary tarapyndan getirilýän azyk-owkatlaryň çäklendirilmezligini we mejbury hapa süpürijilik düzgüniniň ýatyrylmagyny talap edendiklerini aýtdy.

Nataliýa Gorina tussaglaryň öz bedenlerine ýara salmaklary bilen bagly ýüze çykan bu waka boýunça derňew işleriniň ýola goýlandygyny mälim etdi. Ýöne tussaglaryň öz bedenlerine salan ýaralarynyň olaryň janyna näderejede howp abandyrýandygy barada welin, ol maglumat bermekden saklandy.
XS
SM
MD
LG