Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň harby delegasiýasy Bişkege bardy


Düýn Orsýetiň Goranmak minisrliginiň ýokary derejeli resmilerinden ybarat ýörite delegasiýa Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkege bardy.

Orsýetiň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň komanduýuşisiniň orunbasary general Waleriý Gerasimowyň ýolbaşçylygyndaky bu delegasiýa Gyrgyzystanyň Goranmak ministrliginde gepleşik geçirer.

Bu gepleşiklerde esasan ors-gyrgyz harby hyzmatdaşlygy we Gyrgyzystandaky harby bazalaryň rus goşunlary tarapyndan ulanylmagy barada ozalky baglaşylan ylalaşyklara giriziljek käbir üýtgetmeler barada pikir alşylar diýlip garaşylýar.

Ýakynda Gyrgyzystanyň häkimiýetleri bu ýurtdaky rus goşunlarynyň ulanýan harby bazalary üçin kärende töleginiň birnäçe esse ýokarlandyryljakdygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG