Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti BMG-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy


Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda geçýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun bilen duşuşdy.

Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda geçýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun bilen duşuşdy.

Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynyň çäginde açylan Sammitde ýörite doklad bilen çykyş etdi.

Özüniň 20 minutlyk çykyşynda ol köp meseleler, şol sanda, halkara energiýa geçirijileriniň howpsuzlygy boýunça BMG-niň garamagynda ýörite organ döretmek, Aral we Hazar deňizleriniň sebitlerindäki infrastrukturany gowulandyrmak meselesinde BMG-niň roluny güýçlendirmek, Owganystandaky meseleleri parahatçylykly ýollar bilen çözmek, bu işlerde Türkmenistanyň oýnap biljek roly ýaly meseleler boýunça gürrüň etdi.

Mundan daşary, türkmen prezidenti Merkezi Aziýa we Hazar regionyny öz içine alýan howpsuzlyk, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça ýokary derejede Forumyň döredilmegini teklip edip, şeýle Forumyň ilkinji maslahatynyň Türkmenistanda geçirilip bilinjekdigini nygtady.

Şeýle-de, prezident Berdimuhamedow Owganystanda demirýol infrastrukturasyny gurmak işine ýardam bermekden daşary, Owganystanyň dolandyryjy strukturalary üçin kadrlary taýýarlamak işine-de Türkmenistanyň ýakyndan ýardam berip biljekdigini öz çykyşynda belledi.

Şeýle hem prezident Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda geçýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun we onuň syýasy meseleler boýunça orunbasary Linn Pasko dagylar bilen aýry-aýrylykda gepleşik geçirdi.

Bu gepleşiklerde türkmen prezidenti BMG-niň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen regionyň käbir möhüm meselelerini, şol sanda, global energetika howpsuzlygy, daşky sredany goramak, Aral sebitindäki ekologik ýagdaýlary gowulandyrmak, ähliumumy ýaragsyzlanmak, Owganystanda parahatçylygy berkarar etmek ýaly ençeme meseleler boýunça özara pikir alyşdy.

Geçirilen bu aýry-aýry duşuşyklarda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-munuň we onuň syýasy meseleler boýunça orunbasary Linn Paskonyň bu guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň regiondaky roluna ýokary baha berendikleri hem habar berilýär.
XS
SM
MD
LG